TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Aşgabat — Türkmenabat» we «Türkmenabat — Aşgabat» ugurlary boýunça ýolagçy otlulary gatnap başlar

«Demirýollary» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berişi ýaly, 2021-nji ýylyň mart aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de 1 gezek hepdäniň çarşenbe (3-nji) güni «Aşgabat — Türkmenabat» we hepdäniň penşenbe (4-nji) güni «Türkmenabat — Aşgabat» ugurlary boýunça demir ýol gatnawynyň ýola goýulýandygy habar berilýär. Şonuň ýaly-da, bildirişde welaýatara we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli uzaldylandygy barada aýdylýar.
Ýokarda görkezilen ugurlar boýunça ýolagçy biletleri häzirki wagtda diňe bilet satyş kassalarynda resmileşdirilýär.
Ozal ýolagçy otlularynyň hereketi möwsümleýin ýokan keselleriniň öňüni almak maksady bilen wagtlaýyn ýatyrylypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply