JEMGYÝET

Ýene bir bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Arkadagly zamana joşgun berýär zybana» atly bäsleşiginiň ýeňijileri hem yglan edildi.

Hojambaz etrabyndaky Mekan obasynyň ýaşaýjysy Bazar Şalyýewiň, Dänew etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy Gülnara Joraýewanyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Halyl Akyýewiň goşgulary çeperçiligi taýdan tapawutlanyp, eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Makalalar boýunça Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oral Temirow birinji, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Aýnur Weliýewa ikinji, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Güljan Gurbansähedowa bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Oçerk ýazmak boýunça ýeňijileriň arasynda Kerki etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň mugallymy Ödegeldi Kulyýew, Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň direktory Juma Mätiýew, Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň ýaşaýjysy Babanyýaz Böriýew dagylar ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: