YKDYSADYÝET

Türkmenistanda ýük daşamagyň möçberi artýar

 Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 111,2 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 109,2 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji awgustda geçirilen göçme mejlisinde aýdyldy.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 111,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 133,5 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 120 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 113,7 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa 107,5 göterime barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: