YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda ösüş gazanylýar

Ýanwar—iýul aýlarynda nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň meýilnamasy, şol sanda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 100,7 göterim berjaý edildi. Nebit we gaz kondensaty bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 111,2 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,2 göterim, benziniň dürli görnüşini öndürmegiň meýilnamasy 117,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 112,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 125,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 115,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 115 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 113,6 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy bolsa 123,6 göterim berjaý edildi.

Bu barada hökümetiň 12-nji awgustda geçirilen göçme maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hasabat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: