«Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynyň 2-nji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirilýär

«Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynyň 2-nji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýär. Bu möhüm wezipäni Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Başhowdangurluşyk» önümçilik dolanyşygy amala aşyrýar.

Suw sygymy 1,65 milliard kub metre barabar bolan bu suw howdanynyň 2-nji nobatdakysynyň gurluşygyny 2028-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Şonda howdanyň jemi suw sygymyny bolsa, 3,85 milliard kub metre ýeter. 2015-nji ýylda gurluşygynyň 1-nji nobatdakysy tamamlanan howdan özünde 2,2 milliard kub metr suw saklaýar. Onuň 2-nji tapgyrynyň tamamlanmagy bilen Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi has gowulaşar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector