BIZE YAZYARLAR

Türkmenistanda ýokary tizlikli demirýol şahalary gurlar

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan Arkadag şäheri ajaýyp döwrümiziň iň ajaýyp miweleriniň biridir. Birinji tapgyrynyň şu ýyl açylyp, ulanmaga berilmegine garaşylýan şäheri Aşgabat şäheri we Awaza bilen baglajak ýokary tizlikli demirýol şahalalaryny gurmak baradaky başlangyç watandaşlarymyz tarapyndan uly hoşallyk bilen kabul edildi.

Gahryman Arkadagymyza degişli bolan bu başlangyç ýurdumyzda guruljak ilkinji ýokary tizlikli demirýol şahalarynyň binýadyna öwrüler. Döwrümiziň gudratyna öwrülýän ajaýyp şäherde elektrikli ulaglayň hereketiniň üpjün ediljekdigi ozal habar berlipdi. Indi bolsa bu şäheriň ulag-kommunikasiýa ulgamyny ýokary derejä çykarjak täze başlangyja şaýat bolmak has ýakymly.

Gahryman Arkadagymyz şenbe güni Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine amala aşyran iş saparynda Arkadag şäherinden Aşgabada we Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demirýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini aýtdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherini paýtagtymyz we ýurdumyzyň beýleki şäherleri bilen baglanyşdyrýan demirýol gatnawlarynyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

«Häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alyp, demirýol menzilinde otlynyň gelip durjak ýeriniň ýapyk görnüşde bolmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Şunda binanyň bezeg aýratynlyklaryna, döwrebap germewleriniň we eskalatorlaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Göwher NURSÄHEDOWA,

Türkmenabat şäheriniň häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: