BIZE YAZYARLAR

Ene süýdüniň ähmiýeti

Çaganyň kadaly ösüp ulalmagy üçin esasy şertleriň biri olary dogry iýmitlendirmekdir. Çaga ömrüniň ilkinji aýlarynda esasy ygtybarly iýmit ene süýdüdir. Ene süýdi beýleki süýtlerden özüniň düzümi boýunça tapawutlanýar. Ene süýdünde demir, mis, sink köp mukdarda bolýar. Onuň düzüminde mineral duzlar az bolup, fosfor-kalsiý gatnaşygy 1:2 derejä deňdir, bu bolsa duzlaryň deň derejede özleşmegine getirýär.

Her ýylyň sentýabr aýynyň başynda ýurdumyzda ene süýdüniň milli hepdeligi geçirilýär. Hepdeligiň baş maksady enäniň we çaganyň saglygyny gazanmakdan ybaratdyr.

Ene süýdi bilen çagany iýmitlendirmek diňe bir çagany däl, eýsem, eneleri hem birtopar kesellerden goraýar. Ene süýdüni emýän çaga iň ýokumly, iň lezzetli iýmit alýar. Şol sebäpden hepdeligiň dowamynda hem ýaş enelere ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň möhüm ähmiýetleri, onuň çaga berýän peýdalary dogrusynda maslahatlarymyzy yzygiderli berip durýarys.

Özüniň hili boýunça ene süýdi çagalara berilýän ähli beýleki iýmitlerden has ýokarda durýar. Ene süýdi kesellerden goraýjy birnäçe elementleri özünde saklaýar. Ol çaga bedeninde ýeňil özleşip, ony ýiti respirator kesellerinden goraýar.

Ene süýdi 3 topara bölünip, ilkinjisi owuz süýdüdir. Owuz süýdi goýy bolup, ol ýokumlara baý we ýokary dykyzlygy bilen tapawutlanýar. Belogyň esasy düzümi albumin, globulin we aminokislotalardan ybaratdyr.

Owuz süýdüniň düzüminde ýokumlaryň örän köp görnüşleri bardygy sebäpli çaganyň bütin ömründe sagdyn ýaşamagy üçin gerek bolan maddalar jemlenendir.

Birinji alty aýyň içinde bäbeklere hiç hili başga iýmit ýa-da içgi gerek däl. Arassa suw ýa-da glýukoza garylan suw, gant, nabat garylan çaýlar, miwe suwlary, garny sanjy bolanda berilýän gaýnadylan derman otlaryň suwlary, sygyr süýdi hem-de beýleki içgiler çaganyň ene süýdüni az emmegine getirýär.

Ene süýdüniň düzüminde hatda howanyň yssy we gurak şertlerinde hem çaga üçin gerekli ýeterlik suw bolýar. Şol sebäpden ene süýdi çaga doglandan soňky birinji alty aýyň içinde ýeke-täk iýmitdir.

Çaganyň göwüsden emdirilmegi eneleri hem birnäçe howply kesellerden goraýar. Ýagny, ganazlygyň, ýatgyda ýumurtgalyklaryň we süýt mäzleriniň howply çişleriniň döremek howpundan goraýar. Şeýle-de böwrek keselleriniň döremegine eltýän peşew ýollarynyň ýokançlyklarynyň we gulakdaky ker bolmaklyga eltýän keselleriň döremek howpuny azaldýar, allergiýa, demgysma, süýji keselleriniň öňüni alýar.

Gülşat EREŞOWA,

Lebap welaýat «Ene mähri» merkeziniň stomotolog lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: