BIZE YAZYARLAR

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde Lebap welaýatynyň çagalar sungat mekdepleriniň arasynda “Şöhrat size Gahryman Serdarymyz ” atly hor toparlarynyň bäsleşigi geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň gazanylýan üstünlikleriniň artdyrmalydygyny nygtap, ýaş nesillere uly ynam bildirip, olaryň bilim terbiýe almaklary, saýlap alan käriniň, hünäriniň eýesi bolmaklary,  ylym we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilendir.

Lebap    welaýat medeniýet müdirliginiň garamagynda Lebap welaýatynyň çagalar sungat mekdepleriniň arasynda “Şöhrat size Gahryman Serdarymyz ” atly hor toparlarynyň bäsleşigi geçirildi. Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň esasy hünärmeni Serdar Osmanow, Türkmenistanyň halk artisti Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň halypa mugallymy Berdiýew Bäşim Genjiýewiç, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Sahatow Döwlet Annaberdiýewiç, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň  mugallymy Kurbanowa Aksona Döwletowna bäsleşigiň emin agzalary boldular.

Hor toparlarynyň bäsleşigine Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň, Dänew etrabynyň  çagalar sungat mekdebiniň, Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň, Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň, Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şaheriniň çagalar sungat mekdebiniň, Çärjew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň, Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň, Saýat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň, Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň, Çärjew etrabynyň Farap şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň, Köýtendag etrabynyň Magdanly şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň zehinli ýaşlary gatnaşdylar. Çagalar sungat mekdepleriniň hor toparlarynyň bäsleşiginde birnäçe türkmen halk heňlerini, türkmen kompozitorlarynyň ajaýyp eserlerini we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirip, diňleýjileriň söýgüsine mynasyp bolmagy başardylar.

Bäsleşik Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň “Älemgoşar” hor toparynyň çykyşy bilen, kompozitor Batyr Sultanowyň şahyr Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döreden “Ejem jan ”  a’capella eseriniň  ýaňlanmagynda mähirli duýgular  başlandy. Soňra “Älemgoşar” hor topary “Şöhrat saňa Türkmenistan”, “ Liber tango” eserlerini ýerine ýetirdiler. Bu ýaňlanan eserlere Çaryýewa Gözel sazandaryk etdi. “Älemgoşar ” hor toparyna Güljan Talipowa dirižýorlyk etdi. Soňra Türkmenabat şaheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň hor toparynyň “Mekanym bar”  a’capella eseri bilen dowam etdi. “Türkmeniň”, “Agnus dei” eserini  uly ylham bilen ýerine ýetirdiler. Ýaş zehinleriň hor toparyna Maýagözel Nazarowa ýolbaşçylyk etdi. Ýaňlanan eserlere Güljemal Durdymyradowa sazandarlyk etdi. Belent ruha beslenen hor toparynyň joşgunly çykyşlary diňleýjilere ruhy lezzet paýlady.

Bäsleşigiň dowamynda Çärjew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň hor topary “Şöhrat saňa Türkmenistan”, “Kebelek”, “Under the sea” eserlerini ýerine ýetirdiler. Bu zehinli hor toparyna Ilgar Atahanow ýolbaşçylyk etdi. Ýerine ýetirilen ajaýyp eserlere Rejepgül Rozyýewa sazandarlyk etdi. Bu hor toparynyň çykyşyndaky  ýaňlanan eserler bäsleşigiň bezegine öwrüldi.

Çagalar sungat mekdepleriniň hor toparlarynyň bäsleşikleri örän gyzgalaňly, çekeleşikli dowam etdi. Bäsleşigi Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň hor topary “Mertler”, “Hüwdi”, “Dep we dutar ” eserleri bilen dowam etdi. Hor toparyna Azatgül Durdyýewa ýolbaşçylyk etdi.

Bäsleşigiň dowamynda Saýat etrabynyň çagalar sungat mekdebi, Saýat etrabynyň Sakar şaheriniň çagalar sungat mekdebi, Saýat etrabynyň Garabekewül şaheriniň çagalar sungat mekdebi, Çärjew etrabynyň Seýdi şaheriniň çagalar sungat mekdebi, Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şaheriniň çagalar sungat mekdebi, Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň çagalar sungat mekdebi, Köýtendag etrabynyň Magdanly şaheriniň çagalar sungat mekdepleriniň hem hor toparlarynyň çykyşlary örän täsirli boldy. Olar türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini joşgunly ýerine ýetirip, diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.

Bäsleşik Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň Rumil Wildanowyň “Elegiýa” eserini şeýle-de Rejep Rejebowyň “Saňa”  eserini täzeden işlän Döwlet Sahatow, Daňatar Hydyrowyň “Baýdagym” eserini ýerine ýetirip bäsleşigi jemlediler. Bu hor toparyna toparyň ýolbaşçysy Jelaleddin Muhtarow dirižýorlyk etdi.

Zehinli çagalardan düzülen döredijilikli hor toparlary bäsleşigiň ähli şertlerine laýyklykda çykyş edip, aýdym-saz sungatymyza, milli medeniýetimize bolan söýgisini beýan etdiler. Ýaş nesilleriň belent ruha beslenen şatlyk-şowhunly çykyşlary ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny has hem belende galdyrjak zehinli ýaş nesliň kemala gelýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Bäsleşige çagalar sungat mekdepleriniň birnäçe hor toparlary gatnaşyp, emin agzalary tarapyndan adalatly baha berilip, olaryň iň gowylary seçilip alyndy.

Köýtendag etrabynyň Magdanly şäheriniň çagalar sungat mekdebi, Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebi, Saýat etrabynyň çagalar sungat mekdebi III-orna, Lebap welaýatynyň 1-nji çagalar sungat mekdebi II-orna, Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebi I-orna mynasyp boldular.  Çärjew etrap çagalar sungat mekdebiniň döredijilik hor topary  bolsa baş baýraga mynasyp boldy. Türkmenistanyň halk artisti Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň halypa mugallymy Berdiýew Bäşim Genjiýewiç Çärjew etrap çagalar sungat mekdebiniň,Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň, Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň hor toparlarynyň ýolbaşçylaryna şeýle ajaýyp ýaş nesilleri taýýarlandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, köp sag bolsun aýtdy. Hor toparlarynyň ýolbaşçylarynyň  döredijilik işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdi.

 

Lebap welaýatynyň çagalar sungat mekdepleriniň arasynda “Şöhrat size Gahryman Serdarymyz ” atly geçirilen hor toparlarynyň bäsleşigi diňleýjilerde we bäsleşige tomaşa edijilerde aýratyn gyzyklanma döretdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň ylymly, bilimli Watana wepaly zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin irginsiz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun.

 

Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Hor dirižýor” bölüminiň

ýaş hünärmen mugallymy Raimowa Firuza Bahtiýarowna.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: