BIZE YAZYARLAR

Dil halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işlerini ýokarlandyrmak we bilime, ylma höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly özgertmeler üstünlikli alnyp barylýar. Bu özgertmeler dünýä halklary bilen dost-doganlygy üpjün edýär.

Häzirki wagtda döwrüň ösen innowasion tehnologiýasyna, öňdebaryjy okuw maksatnamalaryna daýanýan sanly bilim ulgamyny döretmekdäki baş maksat eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara ýokary hilli bilim berip, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleridir. Ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmegiň esasy şerti bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bolup durýar. Hut şu möhüm wezipeden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ähli basgançaklary zerur okuw şertleri, tehnologiýalar ulgamy bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym, bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edilen şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň mysalynda hem anyk göz ýetirmek bolýar. Hasabatlardan mälim bolşy ýaly, degişli döwürde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary bilim işinde giňden ulanyldy.

Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, medeni, ruhy we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda dil biliminiň uly ähmiýeti bardyr. Dil bilmegiň adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny türkmen halkynyň edebi hem medeni mirasy, durmuş tejribesi görkezýär. Dil dünýä medeniýetine, beýleki halklaryň ylym, bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir.

Dil halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi hasaplanýar. Şeýle hem daşary ýurt dillerini bilýän hünärmen dünýäniň ylmy edebiýatlaryndan habarly bolýar. Munuň özi ylym-bilimde hem möhüm ähmiýete eýedir. Diliň özi pikirleniş bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem dil bilýän ýaşlaryň pikirlenişi hem ösýär, ylym-bilime bolan garaýşy kämilleşýär.

Goý, bilim ulgamyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Hüsünowa Arzygül

Çärjew etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: