BIZE YAZYARLAR

Sagdyn ýaşamagyň 77 minutlyk syry

 Köp adamlar her gün 10.000 ädim ätmegiň horlanmak we sagdyn bedenli bolmak üçin peýdaly usuldygyny aýdýarlar. Pyýada ýöremek horlanmaga kömek edip, beýniňiziň işleýşini gowulaşdyrýar. Her gün 10 müň ädim ätseňiz, has sagdyn bolup bilersiňiz!

Bilermenler, bu hereketi yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtaýarlar. Eger horlanmak üçin 10 müň ädim ätjek bolsaňyz, dowam ediň. Bu usulyň horlanmak üçin köp peýdasy bardyr. 10 müň ädim ätmek pikiriniň nireden, nähili gelendigini häli-häzire çenli hiç kim bilenok. Ýöne muňa garamazdan käbir çeşmeler ýapon kompaniýasynyň 1964-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna başlamak üçin täze döredilen ädim yzarlaýjylary üçin kompaniýa başlandygyny öňe sürýärler. 2005 – 2006-njy ýyllarda başga bir gözlegçiler topary bir günde 10 müň ädim ätdi. Netije-de, gatnaşyjylaryň has sagdyn bedenli bolandyklary beýan edilipdir. Şunça ädim ätmek pikiri nireden gelip çykan bolsa, häzirki döwürde meşhur tendensiýalaryň biri. Gündelik durmuşyňyzda ädýän ädimiňiz näçe köp bolsa, saglygyňyz üçin şonça gowy!

Fiziki işjeňlik bilen saglygyň arasynda baglanyşyk bar. Pyýada ýöremek üçin güýçli bolmak hökman däl. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, adamlar has işjeňleşse, ýylda bäş million adamyň ölüminiň öňüni alyp boljakdygyny aýdýar. Ähli ýaşdaky adamlar fiziki taýdan işjeň bolup bilerler. Uly ýaşly adamlara hepdede azyndan 150-300 minut orta we dinamiki maşklary ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Çagalara bolsa hepdede azyndan 60 minut maşk etmek ýeterlikdir.

Sagdyn bolmak üçin 10 müň ädim ätmek ajaýyp usuldyr. Lukmanlar, ortaça tizlik bilen ýöreseňiz, 10 müň ädim ätmek üçin 100 minut gerek bolar diýip çaklaýarlar. Çalt ýöreseňiz, 77 minutda 10 müň ädim ädip bilersiňiz.

Daýanç Hojatow,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: