YKDYSADYÝET

Çärjewdäki gaz turbinaly elektrik stansiýasyny üçin gaz geçiriji guruldy

«Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň gurluşykçylary «Üçajy — Zergär» aralygynda gaz geçirijini gurmak işlerini tamamladylar.

Uzynlygy 125 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçiriji Çärjew etrabynyň çäginde hereket edýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny ýangyç bilen ygtybarly üpjün etmäge niýetlenendir. Bu möhüm buýurmanynyň baş potratçysy wezipesini ýokarda ady agzalan trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirligi ýerine ýetirdi.

Lebap welaýatyndaky bu iň iri elektrik stansiýasy geçen ýylyň 3-nji sentýabrynda işe girizilipdi. Tebigy gazda işleýän häzirkizaman desgasy ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen birlikde elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmakda hem ähmiýetlidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: