Farap şäher kitaphanasynda Täze ýyla bagyşlanan sergi açyldy
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Rysgal döwlet paýlap, Täze ýyl geldi» atly sergi açyldy.
Onda dürli ýyllarda gazetlerde we žurnallarda Täze ýyl bilen baglanyşykly çap edilen materiallar goýulypdyr. Sergä syn etmäge gelýänler olardan Täze ýylyň haçan bellenilip başlanandygy, bu baýramyň dürli ýurtlarda nähili bellenilýändigi, onuň bilen baglanyşykly yrymlar, Täze ýylda taýýarlanylýan tagamlar barada maglumatlary alyp bilýärler. Aýazbabanyň ýaşaýan ýeri, Akpamyk hakyndaky maglumatlar hem gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Sergide mekdep okuwçylarynyň çeken suratlary hem ýerleşdirilipdir. Olarda hemmeleriň garaşýan baýramçylygy dürli ýaşly çaglaryň gözi bilen beýan edilipdir.