YKDYSADYÝET

Türkmenistanda uglewodorod ýangyjyň öndürilişi artýar

Geçen iki aýyň dowamynda Türkmenistanda nebiti çykarmak boýunça meýilnama 100,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça 110,3 göterim, benzin öndürmek boýunça 117,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça 116 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça 111 göterim, polipropileniň öndürilişi boýunça 118,9 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 102,7 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgini 108,8 göterime deň boldy.

Daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasynyň 114,7 göterim ýerine ýetirildi.

Bu baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 4-nji martda geçirilen mejlisinde getirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: