SYÝASAT

Kerki etrabynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna guramaçylykly barýarlar

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlykly barýarlar.

Etrapda ähli saýlaw uçastoklary bu syýasy çäräni geçirmek üçin taýýar edildi. Jemi 57 sany saýlaw uçastogy döredilip, häzirki wagtda olarda gizlin ses bermek üçin kabinalar, býulletenleri oklamak üçin gutular goýuldy. Uçastok saýlaw toparynyň işlejek ýeri hem gerekli zatlar bilen doly üpjün edildi. Saýlawçylaryň sanawy düzüldi we olar saýlawlaryň geçiriljek senesi we ýeri barada habarly edildi. Saýlawçylar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň terjimehallary we maksatnamalary bilen tanyşdyryldy.

Etrap boýunça 56 müň 588 saýlawçy hasaba alyndy. Olaryň 2 müň 57-si 12-nji martda ilkinji gezek ses bermäge gatnaşýarlar. 1020 sany raýat bolsa ýaşululardyr.

Şol gün ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylar üçin öňünden ses bermeklik ýola goýuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: