JEMGYÝET

Türkmenistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda bu baradaky pikirini beýan etdi.

«Bilşiňiz ýaly, men iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atdym. Bu gün bolsa özüm babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigimi beýan edip, ony siziň bilen maslahatlaşmak isleýärin.

Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin.

Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy esasynda şunuň bilen baglylykda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: