TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistany geljek otuz ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy

Resminamanyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, milli Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmek, bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaryny durnukly we toplumlaýyn ösdürmek, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen kabul edilýändigi bellenilýär.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Milli maksatnamada bellenen wezipeleriň, işleriň we çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.