JEMGYÝET

Türkmenistan Dubaýda Halkara göçme maslahatyny geçirer

Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýurduň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara göçme maslahatyny geçirer. Bu barada 10-njy martda geçirilen hökümet mejlisinde   Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Halkara maslahaty şu ýylyň 26-27-nji aprelinde geçiriler. Bu çäräniň esasy maksady ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr.

Maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli ulanmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalara maýa goýumlary çekmek, “Galkynyş” gaz käninde önümçiligi ýokarlandyrmak ulgamynda özara gatnaşyklaryň täze gurallary, ekologik taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary çekmek ýaly meseleler giriziler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: