JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň açyljak güni belli boldy

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň binalary 29-njy iýunda açylyp, ulanylmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararynda aýdylýar.

Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine, Arkadag şäheriniň häkimligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Medeniýet ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bilelikde 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyşynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ýakynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu şäheriň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: