Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş etdi. Onda döwlet Baştutany geçen döwürde edilen işler we öňde duran wezipeler barada durup geçdi.
«Şu ýyllaryň içinde gülläp ösýän döwletimizde mynasyp durmuş şertlerini döretmäge tarap uly ýol geçildi. Garaşsyz Watanymyz öňki çig mal binýady bolan ýurtdan dürli önümleri öndürýän, senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Geçen 30 ýyl türkmen halkynyň ägirt uly, egsilmejek mümkinçiliklerini aýdyň beýan edip, giňden açyp görkezdi. Ýurdumyzy yzygiderli toplumlaýyn ösdürmek üçin berk maddy we ruhy binýat döredildi. Jemgyýetimiziň syýasy taýdan durnukly bolmagy we agzybirligi netijesinde, merdana halkymyz öz öňünde goýan belent maksatlaryny üstünlikli amala aşyrdy» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.