BILIM

Türkmenistanda talyplyga kabul edişlik möwsüminiň başlanjak senesi mälim boldy

Lebap welaýatynyň ýaşlary ýurduň beýleki sebitletiniň wekilleri bilen bilelikde 17-nji iýuldan başlap, Türkmenistanyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary üçin resminamalaryny tabşyryp bilerler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu barada degişli buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglary üçin resminamalar 17 ― 30-njy iýul aralygynda kabul ediler. Giriş synaglary 28-nji awgustda tamamlanar.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryna ýurduň bilim ojaklarynyň birnäçesine giriş synaglaryny Türkmenabat şäherinde tabşyrmak mümkinçiligi dörediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: