BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI okuwçylaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçirdi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Robototehnika ― 2023» atly taslama bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige orta mekdepleriň okuwçylary robot tehnikasyna degişli taslamalaryny hödürlediler. Has takygy, bäsleşikde taslamalaryň 35-sine baha berildi.

Bäsleşikde Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň okuwçylary Nurýagdy Hanbaýew bilen Daýanç Kurbandurdyýewiň «Akylly öý», Çärjew etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň okuwçysy Ylham Şöhradowyň «Ot söndüriji robot» we Sakarçäge etrabyndaky ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň okuwçylary Yslam Şamadow bilen Zybagözel Nurlyýewanyň «Ýangyny duýduryjy we söndüriji sanly ulgam» atly taslamalary birinji orna mynasyp boldy.

Şeýle hem eminler dänewli okuwçylaryň «Robot el», paýtagtly gatnaşyjylaryň «Aýna arassalaýjy» hem-de köýtendagly okuwçylaryň «Tozan sorujy robotlary döretmek» atly işlerini ikinji orna mynasyp gördüler.

Robot tehnologiýasy ornaşdyrylan mekdepler üçin niýetlenilen «Akylly jaň» (Kerki etrabyndaky 31-nji orta mekdep), «Başarjaň bagban» (Türkmenabat şäherindäki 7-nji orta mekdep), «Ekspedisiýa roboty» (Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty), «Innowasion şäher» (Daşoguz şäherindäki 21-nji orta mekdep), «Nobatçy okuwçy» (Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdep), «Asma sanjym üçin kömekçi ulgam» (Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdep) atly işler bolsa bäsleşikde üçünji orny eýeledi.

Bäsleşik mekdep okuwçylaryny ylmy-taslama işlerine höweslendirmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: