BILIM

Lebaply okuwçylar TOHU tarapyndan geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri boldular

Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synp okuwçylary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan informatika dersi boýunça geçirilen olimpiadada öňdäki orunlary eýelediler. Olimpiadanyň netijeleri baýry ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda paýlaşyldy.

11-nji synp okuwçylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde zehinli ýaşlaryň üçüsiniň toplan utuklary birinji orna mynasdyp boldy. Olaryň ikisiniň biziň welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary bolmagy has guwandyrýar. Has takygy, bu toparda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Şöhrat Mawlýanow 94, welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Begmyrat Rozyýew bolsa 89 utuk bilen birinji ornuň eýesi boldular. Begmyradyň synpdaşy Guwanç Mämmedow ondan 3 utugy az toplap, ikinji orny eýelän okuwçylaryň başyny çekdi. Bu orunda welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Suraý Hatamowa hem bar. Suraý ýaryşy 77 utuk bilen jemledi. Çärjew etrabyndaky 22-nji orta mekdebe wekilçilik eden Döwletjan Şatlykow bolsa 60 utuk bilen üçünji orny eýelän 9 okuwçynyň arasyna girmegi başardy.

10-njy synp okuwçylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde welaýatymyzyň okuwçylary ikinji orunlaryň üçüsini, üçünji orunlaryň hem ikisini gazanmagy başardylar. Has takygy, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Ýazmyrat Şemseddinow (66 utuk) bilen şäherdäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary Dawut Azadow (66 utuk) we Eziz Agamyradow (60 utuk) ikinji orny eýelän bolsalar, Köýtendag etrabyndaky 4-nji orta mekdepden Ahmet Şadyýew (9-njy synp, 49 utuk) bilen Çärjew etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Hudaýkuly Hallyýew (43 utuk) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: