SPORT WE SYÝAHAT

Ronaldu ýene bir rekordyň eýesi boldy

«Al-Nasryň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýylda dünýäde iň köp hak alýan türgen boldy.

38 ýaşly hüjümçi şu ýyl 136 million dollar gazandy.  Şeýlelikde, ol 2017-nji ýyldan bäri ilkinji gezek iň köp hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orna ýerleşip gördi.

Ronaldunyň rekordy baradaky maglumatlar Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi sahypasy tarapyndan yglan edildi.

Ronaldu ýanwar aýyndan bäri Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubynda oýnaýar. Portugaliýaly oýunçy geçen möwsümde topar üçin 19 oýunda  meýdana düşüp, 14 pökgi geçirdi we 2 assist etmegi başardy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: