JEMGYÝET

Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň guramagynda talyp ýaşlar bilen wagyz-nesihat we terbiýeçilik ähmiýetli duşuşyk geçirildi. Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçirilen bu duşuşyga Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň wekilleri, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri we talyp ýaşlaryň köpsanlysy gatnaşdylar. Meýilnama esasynda geçirilen bu çäräde degişli gullugyň işgärleri öňdäki baýramçylyk günlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegiň zeruryýetdigini ýatlatdylar. Olar öýlerde we köpçülikleýin ýerlerde geçiriljek baýramçylyk çärelerinde berjaý edilmeli tertip-düzgün, howpsuzlyk hereketleri barada ýaşlara giňişleýin düşündiriş işlerini geçdiler.    

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: