Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda tegelek haly dokalýar.

Kärhanada habar berişlerine görä, ol paýtagtdaky tegelek stoluň başynda resmi kabul edişlikleriň guralýan zallaryň biri üçin niýetlenen. Onuň ölçegi 7,8 x 7,8 metre barabardyr. Ony ýerde ýatyrylan äpet stanokda dokaýarlar. Häzir bu önümi taýýarlamak işleri tamamlanyp barýar we tizlikde ol buýruja iberiler.

Kärhanada dürli ölçegdäki, şol sanda äpet we iki taraplaýyn halylary hem-de haly önümlerini taýýarlaýarlar. Iki taraplaýyn halylar, adatça muzeýler üçin dokalýar. Şu ýylyň aprel aýynda bolsa bu ýerde birinji gezek tegelek haly dokap başladylar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: