YKDYSADYÝET

Türkmenistanda sowadyjy ammarlaryň 26-sy gurulýar

Türkmenistanyň hususyýetçileri üçin gök-bakja, miwe önümlerini ter saklamaga hyzmat etjek sowadyjy ammarlaryň 26-synyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda ýurtda şeýle sowadyjy ammarlaryň 12-si hereket edýär.  Olarda gözegçilik, sazlaýyş işleri doly kompýuterleşdirilip, sowadyjy kameralarda sowuklyk hem-de howanyň çyglylygy awtomatik usulda sazlanýar. Bu desgalar önümleriň dürli görnüşleriniň hilini we harytlyk keşbini uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de olarda önümleri gözden geçirmek, arassalamak, gaplamak üçin awtomatlaşdyrylan enjamlaryň ornaşdyrylmagy, ýüklemek we ýükleri düşürmek üçin ýörite awtoulaglaryň bolmagy sowadyjy ammarlarda işleýänlere uly amatlyklary döredýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: