«ABBA» şwed toparynyň täze albomy Beýik Britaniýanyň hit-paradynyň birinji hatarynda barýar, diýip Russiýanyň habarlar agentligi «Новости» ýazýar.
Noýabryň başynda «ABBA» topary 40 ýyldan soň birinji gezek on aýdym girizilen «ABBA Voyage» albomyny goýberdi.
Soňky sekiz ýylyň dowamynda toparyň albomy iň köp satylýanlaryň arasynda bellenilýär. Ol çykandan soň bir hepdäniň dowamynda albomyň 204 müň sanysy satylypdyr.
«ABBA» populýar sazyň bütin taryhynyň dowamynda iň üstünlikli toparlaryň biridir. 1972-nji ýylda döredilen toparyň ady agzalarynyň atlarynyň birinji harplaryndan gelip çykýar we ol özüniň dargandygy barada habar bermedi. Ýöne 1980-nji ýyllaryň başyndan bäri ýekejede täze aýdym çykarmady.