YLYM WE TEHNIKA

Bu metalyň 1 gramynyň bahasy 30 million dollara ýetip biler

Metallaryň arasynda bahasy boýunça hem, alynmagyň kynlygy boýunça hem hakyky rekord goýany bar. Ol kaliforniý-252-dir. Ýer ýüzünde onuň arassa görnüşindäkisi bary 10 gramdan köp däl, diýiň «mail.ru» ýazýar.

Kaliforniý-252 geçen asyryň 5-nji ýyllarynda açyldy we birinji gezek alyndy. Oňa bu ady amerikan alymlary goýdular.

Bu metaly kýurini we plutonini neýtronlaryň akymy bilen bombalamak arkaly alýarlar. 1 gram kaliforniý-252-ni almak üçin 10 kilogram töweregi radioaktiw plutoniý gerek. Ýader reaksiýalary tamamlanandan soň hem kaliforniý-252 arassa görnüşinde bolmaýar. Onuň çylşyrymly oksidlerini we duzlaryny metala çenli dikeltmeli. Elementiň ýarym dargamak döwri iki ýyldan sähel gowrak köp wagtlap dowam edýär.

Ýokarda agzalan işleri ýerine ýetirmek örän çylşyrymly, şonuň üçin metaly bahasy hem örän gymmat. Onuň 1 gramynyň bahasy 30 million dollara çenli ýetýär. Kaliforniý-252 dünýäde bary-ýogy iki ýerde: ABŞ-da (Okrij milli laboratoriýasynda) we Russiýada (Dimitrowgradda atom reaktorlarynyň ylmy-barlag institutynda) alynýar.