YKDYSADYÝET

Ýylyň başyndan bäri Türkmenistan Gruziýa 54,9 müň tonna awiasion ýangyjyny eksport etdi

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Gruziýa awiasion ýangyjynyň 54,9 müň tonnasyny eksport etdi diýip, Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijileriniň birleşmesiniň habar berýändigi barada «atavatan-turkmenistan.com» ýazýar.

Şu ýylyň on aýynda Gruziýa 73,5 müň tonna uçar ýangyjyny import etdi.

Gruziýa eksport edilen bu önümiň jemi möçberiniň 74,7%-i Türkmenistanyň paýyna düşdi. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ýurda awiasion ýangyjy eksport etmekde lider boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: