YKDYSADYÝET

Türkmenistanda senagat we energetika toplumlaryna meýilnamalar artygy bilen berjaý edildi  

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýnki geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ilkinji üç aýynda gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 159,7 göterim berjaý edildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,6 göterime barabar boldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan önüm öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 167,5 göterim amal edildi.

Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 135,4 göterim berjaý edildi.

Elektroenergiýanyň öndürilişiniň ösüş depgini 116,4 göterime, onuň eksport edilişiniň ösüş depgini 138,7 göterime barabar boldy.

Şu döwürde «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 189,9 göterim berjaý edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: