YKDYSADYÝET

Türkmenistanly telekeçi günde bir tonnadan gowrak süýt öndürýär

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Maý geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Bereketli jaý» hususy kärhanasynyň maldarçylyk fermasynda daşary ýurtlardan getirilen Galeşteýn tohumly sygyrlaryň 185-si idedilýär.

Olaryň 60-ysy sagymly sygyrlar bolup, olardan her günde 1 tonnadan gowrak süýt sagylýar. Sagym Türkiýäniň «Kurtsan» kompaniýasynda öndürilen enjamlar arkaly amala aşyrylýar.  Alynan süýt sowadyjy maşynlarda çigligine satuwa ugradylýar. Bu sygyrlardan her ýylda 100-den gowrak göle alynýar. Iri şahly mallary ot-iým bilen üpjün etmek üçin bu hususy kärhana degişli bolan 150 gektardan gowrak ýerde ýorunja we mekgejöwen ekildi.

«Bereketli jaý» hususy kärhanasyny esaslandyryjy  Myrat Orazdurdyýew geljekde süýdi gaýtadan işläp, süýt önümlerini öndürmegi maksat edinýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: