JEMGYÝET

Türkmenistanda onlaýn marketleriň gerimi giňelýär

Türkmenabat şäherinde täze onlaýn market işläp başlady. Telekeçi Alym Joraýew tarapyndan açylan market «Sebet» diýlip atlandyrylýar.  Bu telekeçiniň «Her gün» haryt nyşanly önümleri tutuş ýurdumyzda meşhurdyr.

«Sebet» onlaýn marketi, häzirlikçe, diňe Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir. Täze hyzmatyň höweslendiriş çäreleri ilkinji günlerde onuň müşderilerini hem artdyrdy. Ilkinji 500 müşderä «Choco Love» süýjüsiniň 500 gramy sowgat berildi. 150 manatlyk söwda eden müşderilere bolsa satyn alan harytlary mugt eltilip berilýär.

Täze hyzmatyň ilkinji günlerinde azyk önümleri we tämizlik serişdeleri eltilip berilýär. Olaryň bahalarynyň elýeterlidigini hem aýtmak gerek. Ýumurtga, et ýaly gündelik ulanylýan azyk önümleri bolsa bazar bahasyndan hem ep-esli arzan.

«Sebet» onlaýn marketiniň hyzmatlarynyň gerimi geljekde has hem giňeldiler. Ýakyn wagtlarda Türkmenabada goňşy etraplara, biraz soňrak bolsa tutuş welaýata hyzmat etmek meýilleşdirilýär.

«Sebet» onlaýn marketini «Play marketden» telefonlara mugt ýükläp alyp bolýar. Oňa agza bolmak arkaly ähli hyzmatlaryndan peýdalanyp bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: