JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri bellige almak çäresi tamamlandy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärleri: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýew hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşow dagylar bellige alyndy. Şunuň bilen ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri belli almak çäresi tamamlandy.

Olara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Şu günler dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşýarlar.

Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: