JEMGYÝET

«Lebapawtoulaglary» önümçilik birleşiginde taksileriň sany artdy

«Lebapawtoulaglary» önümçilik birleşiginiň awtoulag parkynyň üsti täze ýeňil taksileriň bäşisi bilen ýetirildi. Şeýlelikde, Türkmenabat şäherinde bu önümçilik birleşigine degişli taksileriň sany 15-e golaýlady.

«Hyundai Elantra» kysymly täze taksiler welaýat merkeziniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hyzmat eder. Olar çekleri berýän enjamlar, bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde tölegler üçin ykjam töleg terminallary bilen üpjün edilendir.

Ýeri gelende aýtsak, awtobuslarda we ýeňil awtoulaglarda geopozisiýa (GPS) ulgamynyň abzallary oturdylandyr, munuň özi awtoulag serişdesiniň häzirki wagtda nirede ýerleşýändigini kesgitlemäge, şeýle hem sürüji tarapyndan tizlik derejesiniň ýokarlandyrylyşyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: