YKDYSADYÝET

Türkmenistanda öndürilen nebit önümleri uly islege eýe

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri uçar kerosinini we polipropileni satyn aldylar. Şonuň ýaly-da, Owganystanyň telekeçileri «ECO-93» kysymly awtobenzini, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bolsa tehniki ýody satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Irlandiýanyň hem-de Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 109 million 250 müň dollaryndan gowrak boldy.

Milli pula Türkiýäniň telekeçilerine jemi bahasy 262 müň 500 manada deň bolan nah ýüplük satyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: