JEMGYÝET

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda tebigaty goramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda «Tebigy gözelligiň goragy derwaýysdyr» atly çäre geçirildi. Oňa welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň wekilleri, goraghananyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Onda Amyderýa goraghanasynyň çäklerinde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp dürlüligini gorap saklamak we köpeltmek, olarda bolmagy ähtimal ýangyn we beýleki tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýangyn howy abanan ýagdaýynda edilmeli işler hem düşündirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: