JEMGYÝET

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy geçirildi

Hepdeligiň ýapylyşy Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Oňa medeniýet we sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

24-31-nji oktýabr aralygynda geçirilen bu hepdelik Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň bilelikde guramaklarynda ýatda galyjy wakalara beslendi. Hepdeligiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda suratkeşler — fransiýaly Teo Eşetunyň hem-de germaniýaly Robert Kaeniň döredijilik işleriniň wideoşekiller arkaly sergisi guraldy. «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa tagamlarynyň festiwaly guraldy. Bu ýerde myhmanlara fransuz dolamasy, latwiýalylaryň sowuk çorbasy, ispan we german milli tagamlarydyr şokoladly çüwdürimler, miweli doňdurmalar hödür edildi.

Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, ol ýerde üsti ýapyk manežde türkmeniň uçar ganaty bolan ahalteke bedewleriniň gözelligini synladylar. Şeýle-de hepdeligiň dowamynda Aşgabadyň dürli künjeginde gyzykly dabaralar geçirildi. Mukamlar köşgünde geçirilen hepdeligiň ýapylyş dabarasynda aýdym-sazly çykyşlar ýaňlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: