YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda gök önümlerini öndürilişi artdy

Lebap welaýatynda gök önümleriň öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,6 göterim artdyryldy.

Has takygy, 2022-nji ýylyň geçen on bir aýynda bu ýokuma baý önümleriň 261,3 müň tonnasy öndürildi. Bu möhüm işde Çärjew etrabynyň daýhanlary has ýokary netijeleriň eýeleri boldular. Olaryň ilatyň desterhany üçin öndüren önümleri 73,5 müň tonna barabar boldy. Saýat etrabynda bolsa geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründen bu önümleriň öndürilişi 12,1 göterim artdyryldy. Şonda gök önümleriň öndürilen möçberi 47,1 müň tonna ýetirildi.

Nygmat bolçulygynyň döredilmegi söwda nokatlarynda bu önümleriň nyrhlarynyň peselmegine gönüden-göni täsir edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: