YKDYSADYÝET

Türkmenistanda türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar

Türkmenistanda türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda serhetýaka söwda zolagynyň meýdany we ýerleşjek ýeriniň çäkleri, şeýle hem söwda dükanlaryny, ammarlary, resmileşdiriş we gözegçilik nokatlaryny ýerleşdirmegiň çyzgylary babatda taslamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky işleri özbek tarapy bilen ylalaşmak maksady bilen, iki ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan işleriň Meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu barada hökümetiň düýnki geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasabat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: