Amyderýanyň çep kenarynda agyz suw ýataklarynyň uly gory ýüze çykaryldy
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň çäklerinde agyz suw ýataklarynyň uly goruny açdylar.
Olar Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň çäklerinde, Amyderýanyň çep kenarynda, Boýrabat hem-de Berzeň akabalarynyň kenarynda gözleg-barlag işlerini geçirdiler. Netijede umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy. Onuň gorlary tassyklanyp, «Türkmenabat» ýerasty agyz suw ýatagy diýlip hasaba alyndy. Bu ýatagyň suw gory ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Bu barada 1-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hasabat berdi.