MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Türkmenistanda her ýyl oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň güni bellenilip geçiler

Türkmenistanda her ýyl oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň güni bellenilip geçiler. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada degişli Permana gol çekdi.

Resminamada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramynyň ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmäge borçly edilýär.

Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: