JEMGYÝET

«Döwgüç» — Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň repertuarynda

Täze ýylyň öň ýanynda aşgabatly tomaşaçylar ýene-de Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň Ernst Gofmanyň «Döwgüç» ertekisine döreden baletiniň jadyly älemine düşdüler, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Mukamlar köşgünde çagalar we ulular Täze ýyl baýramçylygyň öňüsyrasynda doktor Ştalbaumyň owadan öýünde bolan üýtgeşik wakanyň şaýady boldular. Bu gezek «Döwgüç» amerikan film-baleti görkezildi. Onda şazadanyň keşbini «Öýde bir özi» filminden tanalan Makоleý Kalkin döredipdir.

Döwlet simfoniki orkestriniň çykyşy biraz Täze ýyl, çagalara niýetlenen we juda hoşamaý ertekini jadyly saz bezegi boldy. Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň meşhur eseri ussatlarça ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: