MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Lebap welaýatynda Türkmen bedewiniň baýramy bellenildi

Lebap welaýatynyň atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan konsert boldy. Bu ýerde kärhanalaryň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, atşynaslar, talyplar ýygnandylar. Aýdymçylar ahalteke bedewlerine bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler. Tans toparlarynyň agzalary özlerini sazlaşykly hereketleri bilen konserte aýratyn öwüşgin çaýdylar. Iri baýramçylyk çäreleriniň ählisine gatnaşýan folklor toparlarynyň çykyşlary hem örän täsirli boldy. Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň goýan edebi-çeper kompozisiýasynda döredijiliginde atlar barada tema orun alan klassyk şahyrlar janlandyryldy.

Konsert meýdançasyndan azajyk uzagrakda bolsa wagtlaýyn sergi guraldy. Oňa nakgaşlar, heýkeltaraşlar, Lebap welaýatynyň ýöritie sungat mekdebiniň talyplary özleriniň işlerini getiripdirler. Onda ýakynda Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň jemgyýetçilik ugramalary bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlap guran bäsleşiginiň ýeňijileriniň döreden nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatynyň eserleri we zergärleriň işleri aýratyn orun eýelediler. Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyndan çykarylan eksponatlar bolsa bedewleriň türkmen halkynyň durmuşynda tutan orny açylyp görkezildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: