YKDYSADYÝET

Türkmenistanda elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberi artýar

Türkmenistanda Energetika ministrligi boýunça şu ýylyň başyndan bäri elektrik Elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 116,8 göterime barabar boldy. Ony eksport etmek boýunça meýilnama bolsa 150,3 göterim berjaý edildi.

Türkmenistanda öndürilen elektrik energiýasy Eýrana, Owganystana Özbegistana we Gyrgyzystana iberilýär. Türkmenistan bu önümi beýleki ýurtlara ibermek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Häzir wagtda Owganystanyň üsti bilen Pakistana elektrik geçiriji liniýasy çekilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: