YKDYSADYÝET

«STT» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 3340 tonna şpatlýowka öndürildi

«STT» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 3340 tonna şpatklýowka öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2498 tonna köpdür. Onuň 720 tonnasy iýul aýynda çykaryldy.

Bu hususy kärhanasynda gurluşykda giňden peýdalanylýan önümleriň ençeme görnüşi öndürilýär. Şu wagta çenli hekiň 335 tonnasy, gipsiň 2638 tonnasy, gipskarton listleriniň 22 müň 996 sanysy öndürildi we sarp edijilere ugradyldy. Kärhana kafel üçin ýelimleriň önümçiligini hem ýola goýdular. Bu önümiň 282 tonnasy öndürildi. Şonuň ýaly-da, nahar duzunyň 24 tonnasy taýýarlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: