TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda Döwlet Maslahaty geçirildi

Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine garaşsyz ösüşiň geçen taryhy döwründe gazanylan üstünliklere syn bermek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi, diýip «Türkmenistan» gazetiniň saýtynda habar berýär.

Maslahata ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular, ýaşlar gatnaşýarlar. Ýurduň welaýatlarynda sebitleriň wekilleri bolsa maslahata sanly ulgam arkaly goşuldylar.

Umumymilli foruma gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, onuň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi, Watanymyzyň gazanan taryhy üstünlikleriniň jemleri jemlenildi we Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ösüş ýoly seljerilip, geljek üçin wezipeler, ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: