SPORT WE SYÝAHAT

Küşt boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi

Ýokary ligada küşt boýunça erkekleriň arasynda Lebap welaýatynyň çempionaty tamamlandy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan ýaryşlara Türkmenabat şäherinden, Çärjew we Dänew etraplaryndan küştçüler gatnaşdylar. Duşuşyklar Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebinde geçirildi.

Dokuz günläp dowam eden duşuşyklar çempionatyň geçirilýän ýeriniň eýeleriniň ýaryşlara has gowy taýýarlanandyklaryny subut etdiler. Toplanan utuklaryň netijesinde baýrakly orunlaryň üçüsi hem olaryň paýyna düşdi. Ozallar hem özüniň ökde oýunçydygyny görkezip gelýän Wepaly Halnyýzow ýokary ligada özüniň iň gowy küştçüdigini subut etdi we utuklarynyň netijesi boýunça birinji orny ynamly eýeledi. Ol tälimçi Güljahan Öwlýakulyýewadan küşdüň inçe syrlaryny öwrenýär. Ikinji orna Zumrat Açylowanyň türgenleşdirýän küştçüsi Sanjar Gaýbullaýew mynasyp boldy. Üçünji orny bolsa Serdar Baýramow (tälimçisi — Güljahan Öwlýakulyýewa) eýeledi.

Duşuşyklaryň jemi boýunça ýokary liganyň düzümi hem täzelenildi. Düzgünlere laýyklykda, 9-njy — 16-njy orunlary eýelän küştçüler ýokary ligadan çykmaly boldular. Olaryň ýerine birinji ligada 1-nji — 8-nji orny alan oýunçylar geldiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: