«Martin Ideni» kim nähili ünsli okadyka?

Jek Londonyň «Martin Iden» romanyny kimiň nähili ünsli okandygyny Türkmenistanyň Ýa’lar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de «Täze älem» kitap dükanynyň bilelikde yglan eden bäsleşigi görkezdi.

Oňa 37 ýaşa çenli kitap söýüjileriň we «Nowça» meýletinçiler hereketiniň wekilleri gatnaşdylar. Olar kitap boýunça bäsleşige gatnaşýanyň öz pikirlerini hem beýan etmegi göz öňünde tutýan soraglara jogap berdiler. Netijede Şirinaý Gurbanowa baş baýragyň eýesi boldy. Birinji orna Ysmaýyl Berdiýew mynasyp boldy.

Jek Londonyň «Martin Iden» romanyny türkmen diline Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atajan Taganow terjime etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector