TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda awiabenzin öndürilip başlanar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýüztutmasy esasynda “An-2” kysymly uçarlar üçin daşarky bazarlardan satyn alynýan awiabenzini öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, suwuklandyrylan gazdan awtomobil ýangyjy üçin ýokary oktanly goşundysyny alýan desgada benzinleriň ýokary oktanly komponenti öndürildi.

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan bu önüme laýyklyk güwänamasy resmileşdirildi.

Zawodlar toplumy tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýan “An-2” kysymly uçarlary milli ýangyç serişdeleri bilen doly üpjün etmek hem-de ýangyjyň bu görnüşini sebitiň ýurtlaryna eksport etmek meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: