YKDYSADYÝET

Türkmenistanda diwar boýaglary öndürilýär

 Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çägindäki «Älemgoşar öwüşgini» hususy kärhanasynda her aýda «Ýaprak boýag» haryt nyşanly boýaglaryň 50—60 tonnadan gowragy öndürilip, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň söwda nokatlaryna ugradylýar.

Indi iki ýyla golaý wagt bäri içki we daşky diwar boýaglarynyň önümçiligini alyp barýan bu hususy kärhananyň öndürýän boýaglary 3, 5, 9, 18 kilograma çenli agyrlykdaky plastik gaplara gaplanýar. Boýag öndürmek üçin gerekli bolan çig malyň, ýagny, tebigy baýlaşdyrylan hekiň öz ýurdumyzda öndürilmegi we önümiň 20 göterimini suwuň tutmagy, şeýle-de boýaglary gaplamakda peýdalanylýan plastik gaplaryň hem Türkmenistanda öndürilmegi önüme bolan islegi artdyrýar.

Gurluşyk kärhanalarynyň buýurmalary esasynda hem işleýän bu hususy kärhanada daşky diwar boýaglaryna howa ýagdaýyny nazara almak bilen çyga çydamly serişdeler goşulýar.

Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: